Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ähli ulgamlarda giň gerime eýe bolýar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň sport ulgamynda hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bu ugra sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», 2020-nji ýylyň 27-nji fewralyndaky Karary bilen kabul edilen «Elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlaryny döretmek we işe girizmek hakyndaky» resminamalara hem-de 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky Karary bilen tassyklanan «Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň merkezi edara binasynda häzirki zaman kompýuter tehnikalary, ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirilen serwerler hem-de ýerli korporatiw torlar ornaşdyryldy. Bu bolsa döwlet edaralarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygynyň awtomatlaşdyrylmagyny we sanly resminama dolanyşygynyň netijeli guralmagyny üpjün edýär. Şeýle-de, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen komitetiň resmi saýty (www.sportcom.gov.tm) döredilip, ol döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli täzelenip durulýar. Elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan tassyklanan «Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň bir bitewi tehniki talapnamasyna» laýyklykda, «NAMA» elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy.
2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we onuň garamagyndaky edara-kärhanalar tarapyndan işlenip taýýarlanan «2025-nji ýyl üçin sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy» tassyklanyldy.
Bu meýilnama laýyklykda, ähli degişli edaralara programma üpjünçiliklerini sertifikatlaşdyrmak we işe girizmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar. «Milli olimpiýa sport köşgi» (www.moskhj.com.tm), «Gyşky oýunlar sport toplumy» (www.buzlykoshk.com.tm), «Olimpiýa suw-sport toplumy» (www.suw-toplum.gov.tm) we «Aşgabat» köpugurly stadiony (www.aks.gov.tm) ýaly sport desgalarynda onlaýn hyzmatlar işe girizildi. Şeýle-de, Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep internatynda, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlamak mekdebinde, «Olimp» orta sport mekdebinde bilim ulgamynda ulanylýan «mekdep.edu.tm» sanly ulgam ornaşdyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektleriniň sanawy düzülip, degişli derejelendirmeler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Degişli iş topary döredilip, ähli edara-kärhanalaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler geçirildi. «Türkmenportal» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlary ulgamy boýunça işler alnyp barylýar, olaryň elýeterliligi we kiberhowpsuzlygy üpjün edilýär.
Şamyrat IŞANOW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.