Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmek ýurdumyzyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň biridir. Her ýylda bilim alýan talyp ýaşlaryň sany yzygiderli artdyrylýar. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar hem-de amala aşyrylýan özgertmeler öz ajaýyp miwesini berýär. Bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlarymyz halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolýarlar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 2025–2026-njy okuw ýyly üçin zehinli ýaşlary saýlap-seçmek işleri üstünlikli tamamlandy. Okuw ýylynyň dowamynda alnyp barlan hünäre ugrukdyryş çäreleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga giň ýol açdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň aprel aýynda ýokary okuw mekdebinde geçirilen “Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli” atly sport hepdeligi ýaş türgenler üçin möhüm synag meýdançasyna öwrüldi. Bu giň gerimli çärä umumy bedenterbiýe taýýarlygy, tizlik-güýç häsiýetli türgenleşikler, şeýle hem oýun we göreş görnüşleri boýunça ýaryşlar girizildi. Netijede ýaşlaryň köpugurly zehinleri, sporta bolan höwesi we taýýarlyk derejesi giňden synagdan geçirildi.

Sport hepdeligine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan 600-e golaý okuwçy we türgen gatnaşdy. Döwrebap QR-kod ulgamy arkaly hasaba alyş işleriniň alnyp barylmagy çäreleriň ýokary derejede guralandygyny görkezdi. Bäsleşiklere gatnaşanlaryň arasynda halkara, ýurt we welaýat derejesindäki üstünlikleri bilen tapawutlanan ýaşlaryň köplügi bolsa aýratyn buýsanç döretdi.

2025-2026-njy okuw ýylynda ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan türgenleriň birnäçesi talyplyk bagtyna mynasyp boldy. Şeýle-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynda, Türkmenistanyň çempionatlarynda we kubok ýaryşlarynda üstünlik gazanan, milli ýygyndy toparlaryň düzüminde çykyş eden dalaşgärleriň görkezen netijeleri hem seljerildi. Netijede olaryň sport ýolundaky üstünlikleri talyplyga kabul edilmekde möhüm artykmaçlyk hökmünde kabul edildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan teklip edilen düzgünlere laýyklykda, ukyply we taýýarlykly uçurymlar giriş synaglarynda üstünlik gazandylar.

Netijede, täze okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna kabul edilenleriň arasynda:

-        1 halkara derejeli sport ussady;

-        34 sport ussatlygyna dalaşgär;

-        43 halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi;

-        149 ýurt derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijisi;

-        146 welaýat derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijisi bar.

Bulardan başga-da, 194 ýaş türgen ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalarydyr. Şeýle hem ýurdumyzyň öňdebaryjy toparlarynyň wekilleri we 33 sport mekdebiniň uçurymlary bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň hataryna goşuldylar. Geljekki maksatlary uly bolan beýleki türgenleriň hem saýlan ugurlary boýunça ýokary üstünlikleri gazanjakdyklaryna ynam bildirilýär.

Türkmenistanyň sport syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýüze çykarylýan şeýle zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge mynasyp goşant goşjakdyklary buýsandyryjydyr.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana, halka wepaly, ruhubelent, maksada okgunly, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ähmiýet berilýär. Beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösýän sagdyn, döwrebap bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

  Arslan MYRADOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni.