Saz — diňe bir owadan sesleriň jemlenmesi bolman, eýsem, ynsanyň kalbyna, ruhuna, umuman, içki dünýäsine aralaşyp, oňa täsir edýän uly bir güýçdir. Türkmen toýlaryny aýdymdyr sazsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki aýdym-saz biziň toýdur baýramlarymyzyň bezegi. Toý-dabaralarymyzda saz diýlende göz öňümizde ilkinjileriň hatarynda türkmeniň buýsanjy bolan dutar janlanýar. Dutaryň kirişlerinden çykýan ýakymly owaz ýürekleri joşdurýar. Sazyň adam saglygyna berýän peýdasy-da örän uludyr. Saz diňlenilýän pursatynda ynsan rahatlanýar, ol nerw ulgamyna hem oňyn täsir edýär. Sazyň şirin owazy diňe bir adamzada däl, eýsem, janly-jandarlara-da ýaraýar. Muňa biz ahalteke bedewlerimiziň mysalynda hem anyk göz ýetirip bileris. Çünki ahalteke bedewlerimiz sazy duýup bilýärler. Biz muňa bedew atlarymyzyň joşgunly saza aýak urup, saza görä utgaşykly edýän hereketlerini synlanymyzda hem göz ýetirýäris.
Sazyň peýdalary diňe bular bilen hem çäklenmeýär. Ol sportda-da örän möhüm ähmiýete eýedir. Saz we sport ikisi biri-birinden düýbünden üzňe ugurlar bolmagyna garamazdan, olar özara berk baglanyşýar. Saz türgenleşikde we ýaryş pursatlarynda dogry saýlanylyp diňlenilende türgeniň netijeliligini gowulandyrýar. Galyberse-de, saz türgenleriň fiziki we psihologiki taýýarlygynda-da örän wajyp orun tutýar. Ýaryşyň öň ýanynda güýçli tolgunma sebäpli türgeniň ganynda «adrenalin» garmony kadadan ýokarlanýar. Bu ýagdaýdan baş alyp çykmakda türgen üçin iň gowy saýlaw saz diňlemekdir. Biz türgenlerimiziň ýaryşyň öň ýanynda gulaklyk dakynyp, aýdymdyr-saz diňleýän pursatlaryna ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Onuň hem özboluşly sebäbi bar. Türgen gulaklykda saz diňläninde daş töweregiň, janköýerleriň galmagalyndan ünsüni sowýar we bar pikirini ýaryşda jemleýär. Ruhy taýdan taplanan türgeniň bolsa ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi, özüne bolan ynamy uly bolýar.
Eýsem, sazy türgenleşikde we ýaryşda nähili ulanmaly? Türgenleşikde saz diňe bir göwün açmak maksady bilen diňlenilmeýär. Türgenleşikde ritmli sazlar türgeniň işjeňliginiň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Joşgunly sazlary diňleýän türgen bedenindäki ýadawlygy duýmaýar. Saz diňlenilende türgeniň çydamlylygy ýokarlanýar. Ylmy barlaglaryň netijesinde saz diňlenilende türgeniň ünsüniň ýadawlykdan sowlup, agyryny duýujylygynyň peselýändigi anyklanyldy. Göreş, dzýudo we şuňa meňzeş fiziki güýji we çalasynlygy talap edýän sport görnüşleriniň türgenleşiklerinde joşgunly saz türgenlere goşmaça energiýa berip, olaryň hereket tizligini artdyrýar. Futzal, basketbol, woleýbol ýaly köpçülikleýin topar bolup oýnalýan sport görnüşleriniň türgenleşiklerinde diňlenilen sazlar toparyň agzybirligini berkitmäge ýardam edýär. Sport dünýäsinde şeýle bir sport görnüşleri bolup, olarda saz diňe rahatlandyryjy serişde bolman, eýsem, onuň esasy özeni hasaplanýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde tans sporty, çeper gimnastika, buzda figuralaýyn typmak ýaly sport görnüşlerini görkezmek bolar. Bu sport görnüşlerde saz bilen sport bir bitewülige öwrülýär. Onda sazyň ritmi, tizligi, görnüşi türgenleri nähili hereketleri ulanmalydygyna gönükdirýär. Mysal üçin, joşgunly saz türgenden çalasyn, şadyýan we tiz hereketleri talap edýän bolsa, liriki saz duýguly, haýal hereketler bilen baglydyr. Bu sport görnüşlerinde türgeniň her bir edýän hereketi saza doly laýyk gelmelidir. Eminler türgenleriň çykyşlaryna baha berenlerinde diňe bir türgenleriň ýerine ýetiren çylşyrymly çykyşlaryna baha bermek bilen çäklenmän eýsem, türgenleriň çykyş wagtyndaky sazy duýup bilişine, owazy öz hereketleri arkaly tomaşaça ýetirip biliş ukybyna hem baha berýärler. Jemläp aýdanymyzda, saz we sport bir-biri bilen berk baglanyşýan iki uly güýçdir. Eger sport bedeni taplaýan bolsa, onda saz ruhumyzy galkyndyrýar. Netijede, saz we sport birigende, ýagny türgeniň fiziki taýýarlygy sazyň joşguny bilen birleşende ýeňilmez güýç ýüze çykýar.
Arzuw ŞAÝYMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.