Ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bedew batly ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýan Türkmenistanda milli sport ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Şunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde ýaş nesliň döwrebap sport desgalarynda türgenleşip, sportuň dürli ugurlaryndan kämilleşmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň dünýä nusgalykdygyny bellemek gerek. Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde sport ulgamy täze sepgitlere eýe bolup, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda uly ýeňişleri gazanýan türkmen türgenleri ata Watanymyza şan getirýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň gözbaşyny halkymyzyň, il-günümiziň parahat ýaşaýşy ugrundaky tagallalardan alyp gaýdýandygyna aýratyn ünsi çekmek gerek. Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň her bir wekiliniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ynsanlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy hem-de işlerini ylym we döredijilik bilen utgaşdyrmagy ugrunda durmuşa geçirilýän ähmiýetli başlangyçlar Watanymyzda ýaşlaryň geljegine berilýän ýokary ünsüň beýanydyr. Munuň özi sport ulgamynda hem okgunly ösüşleriň möhüm bölegini emele getirýär. Şeýlelikde, türkmen sportunyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze we döwrebap sport desgalarynyň bina edilmegi bolsa professional sportuň ösüşi bilen birlikde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem berkarar edilýändigini tassyklaýar.
Watanymyzda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli ýaryşlar hem ýaşlary sporta çekmekde diýseň ähmiýetlidir. Milli Bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda guralan ýaryş hem bu hakykatyň beýany boldy. 2013 — 2016-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň açyk birinjiligi şowhunly duşuşyklara diýseň baý boldy. Mundan başga-da, biziň zähmet çekýän toplumymyzda Watanymyzda bellenilýän toý-baýramlara bagyşlanan sport çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylyp, olarda türgenler buzly meýdandaky görkezme çykyşlaryny hödürleýärler. Şeýle çäreler sportuň ösüşinde ähmiýetli ädimleri emele getirýär. Şol ösüşli menzilleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Bägül BAÝRAMMYRADOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Gyşky oýunlar sport toplumynyň hünärmeni.