Soňky habarlar

Maýsa Pardaýewa ýaryşa ýeňiş bilen başlady

Pariž şäherinde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdaky oýun gününde türkmenistanly dzýudoçy gyz Maýsa Pardaýewa çykyş etdi. Ol 67 kilograma çenli agram derejesinde gyzlaryň bäsleşiginde ýaryşyň 1/16 böleginde hytaýly Cai Qi bilen duşuşdy.

Bäsdeşimiz turuwbaşdan hüjüme geçip, duşuşygy tizden öz peýdasyna tamamlamak isledi. Emma türkmenistanly dzýudoçy gyz garşydaşynyň dowamly hüjümlerine ýerine düşen anyk emel bilen jogap berdi. Şeýlelikde, tiz wagtdan tabloda Maýsa Pardaýewanyň adynyň we familiýasynyň deňinde «ippon» diýen ýazgy peýda boldy. Bu ýazgy türkmen dzýudoçysynyň tutluşygy möletinden öň öz peýdasyna tamamlandygyny aňladýardy.

57 kilograma çenli agram derejesinde zenanlaryň arasyndaky ýaryşyň 1/8 finalynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa braziliýaly Rafaela Silwa bilen duşuşar.