Soňky habarlar

3х3 basketbol Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Fransiýada geçen halkara ýaryşy ýeňiş bilen jemledi

3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary Fransiýada geçen «BIG TWELVE TOUR – 2024» atly abraýly halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy.

4 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşlar Fransiýanyň dürli şäherlerinde geçirilip, türkmen ýygyndysy ýaryşyň Bur de Peažda we Wuaronda geçirilen iki tapgyrynda ýeňiş gazandy hem de 1 nji orun bilen Gap şäherinde geçirilen pleý off bäsleşiginiň soňky bölegine çykdy. Ildeşlerimiz ýarymfinalda Fransiýanyň toparyny ýeňip, finalda çykyş etmäge hukuk gazandy. Aýgytlaýjy oýunda türkmen basketbolçylary Gresiýanyň toparyny 21:20 hasabynda utmagy başardylar.

Ýygyndymyza ýeňiş getiren topy toparyň kapitany Merdan Hojamedow halka oklady. Mundan başga da, ol ýaryşyň iň gymmatly oýunçysy (MVP) boldy.

«Türkmen sporty» gazeti