Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Toplumyň girelgesinden esasy münber binasyna çenli uzap gidýän ýoluň ugrunda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergisi ýaýbaňlandyrylypdyr. Soňra hormatly Prezidentimiz baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdi.

Baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berilýändigi yglan edildi. Dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Baýramçylyk at çapyşygynda ýeňiji bolan çapyksuwarlar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ýurdumyzda milli atçylyk däplerini ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.