Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly atlara mynasyp bolan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryny ýene bir gezek gutlady hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisiniň işi dowam etdi.
Mejlisde çykyş eden ýurdumyzyň atşynaslary Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde özleriniň zähmetine berlen ýokary sylag üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.