2026-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Köpetdagyň eteginde Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Gahryman Arkadagymyz gatnaşdy.
Dabara meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we medeniýet ussatlarynyň çykyşlary bilen başlandy. Münbere geçen Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, açylyş bilen hemmeleri gutlady. Soňra gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda 1200 orunlyk ahalteke atçylyk toplumynyň toý bagyny kesdi.
Toplumyň Baş girelgesiniň toý bagyny dabara gelen hormatly Prezidentimiz kesdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde «Atly ýigit» heýkelini synlady. Soňra ýapyk manežde atly sport we konkur boýunça türgenleriň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde bar bolan athanalardaky şertler bilen tanşyp, açyk manežde «Galkynyş» toparynyň görkezme çykyşlaryny synlady.
Açylyş dabarasy Baş binanyň öňündäki meýdançada Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan 35 sanly atly ýigidiň dabaraly ýörişi bilen dowam etdi. Soňra aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Şeýle-de, ol ýerde ýaýbaňlandyrylan bäsleşikleriň ýeňijilerini yglan etmek dabarasy geçirildi.
Toplumyň açylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz ýaş juwanlaryň durmuş toýunyň şaýady bolup, olar bilen ýadygärlik surata düşdi. Soňra ol ýerde toý sadakasy berildi.