Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Boksçularymyz Bangkokda 2-nji Bütindünýä Olimpiýa saýlama ýaryşynda olimpiýa ýollanmasy ugrunda göreşerler

Türkmenistanly türgenleriň üçüsi 24-nji maýda Bangkokda (Taýland) boks boýunça geçiriljek 2-nji Bütindünýä Olimpiýa saýlama ýaryşyna gatnaşar.

2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin Şükür Öwezow (57 kg), Saparmyrat Ödäýew (63,5 kg) we Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kg) bäsleşer.

Boks boýunça ikinji Bütindünýä saýlama ýaryşy oňa gatnaşyjylar üçin ýakynda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýer gazanmak üçin iň soňky mümkinçilikdir.

«Türkmen sporty» gazeti