Soňky habarlar

Bosgunlaryň ýygyndysynyň Olimpiadada ilkinji gezek öz nyşany bolar

Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) bosgunlaryň ýygyndy toparynyň Olimpiadada ilkinji gezek öz nyşanynyň boljakdygyny habar berdi. Baýdagyň merkezi böleginde ýüregiň şekili bolar.

«Bu nyşan biziň ählimizi birleşdirýär. Goý, biziň herimiz her dürli bolalyň, ýöne bize häzirki ýeten menzilimize ýetmek üçin ýol geçmek gerek bolupdy ahyry. Bu türgenler takyk bir ýurda wekilçilik etmeýärler, olar bosgunlaryň olimpiýa ýygyndy toparydyr. Öz nyşanymyzyň barlygy bizde degişlilik duýgusyny döredýär we bize 100 million adama barabar bosgun ilatyň bähbidini gorap çykyş etmäge mümkinçilik berýär. Men şol nyşany buýsanç bilen götermäge howlukýaryn» diýip, bosgunlar toparynyň wekiliýetiniň baştutany Masoma Ali Zada mälim etdi.

Bosgunlar topary sportuň badminton, boks, göreş (erkin we grek-rim), breýk-dans, welosport, taýmylda we kanoede küreklemek, dzýudo, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, nyşana atmak, taekwondo we agyr atletika ýaly 12 görnüşinden ybarat maksatnamada çykyş eder.

Pariždäki Olimpiýa oýunlary 26-njy iýul ― 11-nji awgust aralygynda geçiriler. Bosgunlaryň Olimpiýa ýygyndy toparyna 36 türgen girdi.

www.olympics.com