Soňky habarlar

 Türkmen hokkeýçileri Belarusda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirerler

2024-nji ýylyň bahar paslynyň ilkinji aýynda türkmen hokkeýçileri iki möhüm waka şaýat bolarlar. Olaryň dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ulularyň arasynda saýlama ýaryşa gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar berşi ýaly, 13-nji fewralda Türkmenistan milli hokkeý ýygyndysy «Raubiçi» köpugurly sport toplumynda türgenleşik işlerini geçirmek üçin Minsk şäherine ugrar. 

18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistan üçünji diwiziona ilkinji gezek wekilçilik eder. Dünýä çempionaty 4-8-nji martda Keýptaun şäherinde geçiriler. Türkmenistanly hokkeýçiler Günorta Afrikanyň, Taýlandyň we Gonkongyň ýygyndylary bilen bir toparda bäsleşer. Toparçada ýeňiji bolan ýygyndy ikinji diwizionda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Üçünji diwizionda uly ýaşlylaryň arasyndaky dünýä çempionaty 8-16-njy martda Bişkekde geçiriler. Türkmenistanyň ýygyndysy Gyrgyzystanyň, Meksikanyň, Lýuksemburgyň, Taýlandyň we Günorta Afrikanyň ýygyndylary bilen ikinji diwiziona ýollanma almak ugrunda göreşer.