Soňky habarlar

Petekleriň bahasy

Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýaryşlaryna we çärelerine gatnaşmak üçin petekler satuwa gelip gowuşdy.

«Olimpiýa oýunlary 2024» resmi  saýtyndan ýaryşlaryň ählisine gatnaşmak üçin, häzire çenli satynlanlaryndan başga, ähli petekleri tapmak mümkindir.

«Şol bir wagtda ýaryşlaryň birnäçesi üçin, meselem, dzýudo görnüşine, türgenleriň atlarynyň oýunlaryň başlanmagyna az wagt galýan döwürde mälim ediljekdigi sebäpli, petekler heniz satuwa gelip gowşan däldir» diýip, Noi.md saýty diez saýtyna salgylanmak bilen habar berýär.

Iň gymmat petek €2700 baha durýar, ol açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin petekdir. Iň arzan petek bolsa - €24 bahadan satylar, ol: futbol, regbi, ok atmak we golf görnüşleri üçin niýetlenilýär.

Beýleki ýaryşlar we çäreler üçin petekler, esasan, €50 ― €200 aralykdadyr. Petek satyn almaga mümkinçilik döretmek üçin ýaryşlaryň resmi saýtynda akkaunt edinmelidir. Bellige aldyrmak üçin adyň, familiýaň, poçta indeksiň we telefon belgiň ýazylýar.

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly ― 11-nji awgusty aralygynda Parižde geçiriler. Bu ýyl oňa sportuň 32 görnüşi boýunça 10 müň 500 türgen gatnaşar.   

«7/24.tm»