Soňky habarlar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy

 01.09.2022.  Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli guralan foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Gurultaýyň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň daýanjy hem-de ösüşleriniň kuwwaty bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy açyk diýlip yglan edildi. Oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.  

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Soňra gün tertibine laýyklykda, guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň täze düzümini we onuň ýolbaşçylaryny saýladylar. Guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Mekan» köşgüne gelmegi şatlykly waka öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň gurultaýyň işine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

 Döwlet Baştutanymyz «Mekan» köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Onda täze taryhy eýýamda Watanymyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň wajyp ugurlary öz beýanyny tapdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaý geçirilýän zala geldi. Oňa gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Gurultaýyň wekilleriniň we ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza gurultaýda çykyş etmek haýyşy bilen ýüzlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gurultaýa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu waka gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Soňra gurultaýa gatnaşýan wekillere söz berildi. Gurultaýyň işi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen hoşlaşdy we ol ýerden ugrady.

 www.tdh.gov.tm