20-nji maýda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Halkyň Arkadagly Serdary bilen bagtyýar geljege tarap» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat duşuşygyny TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnar Akjigitowa alyp bardy. Duşuşykda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa çykyş edip, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, edep-ekramlylyk, maşgala gymmatlyklary dogrusynda giňişleýin durup geçdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Muhammetnazar Geldiýewiň çykyşy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilişine bagyşlandy. Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekili Allamyrat Amandurdyýew öz nobatynda ýaşlaryň arasynda ýüze çykýan hukuk bozulmalaryň öňüni almak we bu işde ata-eneleriň hem-de terbiýeçi-mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler barada çykyş etdi. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekili Parahat Çaryýew, Içeri işler ministrliginiň wekili Toýly Abdullaýew we beýlekiler hem ýaş nesli terbiýelemekde ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriň orny barada anyk deliller arkaly düşündirdiler. Şeýle hem çykyşlarda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlar dialogynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda edilen çykyşlarda eziz Watanymyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.
«Türkmen sporty» gazeti.