Soňky habarlar

Röwşen gadamlaryň beýany

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna sowgat eden ajaýyp eseriniň — «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrligiň hem-de Baş müdirligiň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Baş müdirligiň ýaşlar syýasaty bölüminiň hünärmeni E.Nurjanowanyň alyp barmagynda geçen dabarada ministrligiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň wekilleriniň birnäçesine söz berildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda Arkadag Prezidentimiziň ajaýyp kitabynyň many-mazmunyna, Watanymyzyň iň iri halkara guramalarydyr dünýäniň ösen döwletleri bilen ygtybarly hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine aýratyn orun berildi. Hormatly Prezidentimiziň kitapda ýerleşdirilen çykyşlarynyň eziz Diýarymyzyň ajaýyp ösüşleriniň, ýeten belent sepgitleriniň beýanydygy bellenilip, halkymyza beren gymmatly sowgady üçin Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

«Türkmen sporty» gazeti.