Arkadag Prezidentimiziň bimöçber tagallalarynyň netijesinde bu gün milli sportumyz Olimpiýa üstünliklerine barýan ýoluň aýgytly menzillerini külterleýär. Bu 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek еomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna görülýän ýokary derejedäki taýýarlyklaryň mysalynda aýdyň beýanyny tapýar. Kämil derejedäki taýýarlyk üçin iň amatly we zerur şertleri özünde jemleýän ýerlerde guralýan okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary bu ugurdaky ädimleriň möhüm bölegini düzse, türgenleşikleriň hiliniň ýokary derejesini gazanmak ugrundaky tagallalar bu işiň has-da çuň mazmuna beslenmegini üpjün edýär. Ýaponiýanyň Tendo şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň bu babatda has-da ähmiýetli boljakdygy şübhesizdir. Çünki Oýunlaryň geçiriljek ýerinden — Tokiodan 392 kilometr daşlykda ýerleşýän Tendo şäheri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk sport ugrundaky köptaraply gatnaşyklary özünde jemleýär.
Bu möhüm hyzmatdaşlygyň gözbaşyny diýseň ýokary guramaçylygy bilen dünýäni haýrana goýan Aşgabat Aziadasynyň geçirilýän günlerinden alyp gaýdýandygy bellärliklidir. Şonda iri sport baýramynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň wiыe-prezidenti Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň türkmen tarapy bilen duşuşygy möhüm çözgütleri özünde jemläpdi. Duşuşygyň netijesinde şol wagtky Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň arasynda Tokio Olimpiadasyna we Paralimpiadasyna taýýarlyk görmek üçin türgenleşik merkezi hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Ähtnama laýyklykda, türkmen türgenleriniň Oýunlaryň dowamynda we ondan öň geçirjek okuw-türgenleşikleri üçin Tendo şäheriniň sport desgalaryny ulanmak göz öňünde tutulypdy.
Şeýlelikde, XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde sport desgalary bilen tanyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2018-nji ýylyň 24 — 30-njy iýuny we 2019-njy ýylyň 26-njy marty — 1-nji apreli aralygynda bu şähere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleriniň gulluk iş sapary guraldy. Saparyň çäklerinde Tendo şäheriniň häkimi Şinji Ýamamoto bilen geçirilen duşuşykda birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Şunlukda, gol çekilen Ähtnama esasynda 2019-njy ýylyň iýulyndan başlap Tokio oýunlarynyň geçirilýän döwründe türkmen türgenleriniň Ýaponiýanyň howa şertlerine uýgunlaşmagyny gazanmak üçin, tapgyrlaýyn esasda ýapon tälimçileri we türgenleri bilen bilelikde şäheriň sport bazalarynda milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleriniň fiziki, tehniki hem-de taktiki taýýarlygy boýunça okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny guramak bellenildi. Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň tejribeli ýapon sport lukmanlarynyň we psihologlarynyň gözegçiliginde geçiriljekdigi bolsa Ýaponiýanyň sport ylymlarynyň iň ösen döwletleriň hatarynda tanalýandygy bilen baglydyr.
Häzirki wagtda dzýudo we ýeňil atletika boýunça 14 adamdan ybarat türkmen wekiliýetiniň şol şäherdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bu möhüm ylalaşyklaryň netijesidir. 7—18-nji iýul aralygynda geçýän bu ýygnanyşyga şol görnüşlerden ýygyndy toparlarymyzyň türgenleri hem-de tälimçileri gatnaşýar. Galyberse-de, «Tokio-2020-niň» geçiriljek günleriniň geljek ýylyň iýul—awgust aýlary bilen senelenjekdigini nazara alsak, bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanşygynyň şu döwürde geçirilmeginiň ähmiýeti boýunça has-da möhüm ädim boljakdygyny bellemek gerek. Bu türkmen türgenleriniň ýurduň howa, iýmit we beýleki şertlerine çalt uýgunlaşmagynda hem-de özlerini kadaly duýmaklaryna oňyn täsirini ýetirer. Hut şol sebäpden hem, häzirki wagtda ýerli şertleriň köptaraply aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy, şeýle-de, Ýaponiýanyň belli tälimçileriniň tejribelerini ulanmak arkaly meýilnamalaýyn esasda günüň dowamynda 2—3 gezek geçirilýän okuw-türgenleşik sapaklarynyň diýseň peýdaly boljakdygyny ynamly aýdyp bolar. Bu ýerde türgenleriň ussatlyklaryny we tejribelerini artdyrmak üçin ýapon we türkmen dzýudoçylaryň arasynda dostluk tutluşyklary geçirilýär. Mundan başga-da, ýaponiýaly sport lukmanlarynyň maslahatlary esasynda türgenleriň fiziologiki mümkinçiligini kesgitlemek boýunça, has takygy günüň dowamynda birnäçe gezek agyr fiziki maşklary ýerine ýetirýän türgenleriň myşsalarynyň ösmegi, olaryň täzeden dikeldilmegi we ýadawlyk ýagdaýyndan çalt çykmagy ugrunda seljerme işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde türgenleriň dogry iýmitlendirilmegi babatdaky we diýetologiýa ylmy açyşlarynyň netijesinde türgenlere berilýän iýmit önümleriniň aýratynlyklary boýunça ýapon hünärmenleri bilen bilelikde degişli maslahatlar guralýar.
Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerindäki Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň dzýudo we ýeňil atletika federasiýalarynyň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça guralýan duşuşyklar bolsa bu işiň ähmiýetini artdyrýar. Bu Arkadag Prezidentimiziň dünýä tejribesini öwrenmäge döredip berýän şert-mümkinçilikleriniň ajaýyp netijesidir. Şol sebäpden hem, milli sportumyzy täze derejä çykarmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyz çäksizdir.