Soňky habarlar

Işjeň ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Aşgabat şäherindäki jemgyýetçilik guramalary merkezinde Ýaşlar baýragynyň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinden medeniýet, ylym we tehnika, bilim, saglyk, sport we ş.m. ugurlar boýunça has tapawutlanan ýaşlaryň 62-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijiler Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmat bahaly sowgatlary we diplomlary bilen sylaglandy.

 Şu ýerde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilendigini bellemek gerekdir. Şol wagtdan bäri hem gurama ýaşlaryň beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil, zähmetsöýer, watansöýüji, zehinli bolup ýetişmeklerinde uly işleri alyp barýar.

www.msy.gov.tm