Arkadag Prezidentimiziň halkymyza ýene bir ajaýyp kitabyny — “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XIII jildini sowgat etmegi bütin halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Elbetde, bu ajaýyp sowgadyň ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we deman senagaty işgärleriniň gününde elimize gowuşmagy-da özboluşly many-mazmuna eýedir. Çünki halkymyzyň saglygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň iň möhüm ugry hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyz lukmançylyk ulgamynyň wekilleriniň işine, olaryň zähmetine hemuly ähmiýet berýär.
Ajaýyp kitap biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma öwrüler. Çünki bu kitap ynsan saglygyny goramakda örän ähmiýetli eserdir. Bejerijilik hem-de şypa berijilik ähmiýeti bolan ösümlikleriň melhemlik aýratynlyklary we olar hakyndaky beýleki gymmatly maglumatlar ajaýyp kitabyň sahypalaryny bezeýär. Eserde şeýle ösümlikleriň 120-si hakynda söhbet edilýär. Şonuň üçin hem, iki bapdan ybarat bolan kitabyň diňe sagly goraýyş ulgamynyň wekilleri üçin däl, eýsem, bütin halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.
Biz Arkadag Prezidentimiziň döwet galamynyň ýiti, şeýle eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.