Soňky habarlar

Iş maslahaty

2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýaşlar syýasaty barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde maslahat geçirildi.

 Maslahata Türkmenisatnyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmekde alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Mähri AÇYLOWA,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünrämeni