«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabady hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky maksady uly rowaçlyklara beslenip, baş şäherimizde kemala getirilen giň hem owadan köçeler, şaýollar, täsin görnüşe eýe bolýan dürli görnüşli suw çüwdürimleri, ähli amatlyklary bolan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan belent ýaşaýyş jaýlary, söwda we hyzmat maksatly söwda merkezleri we beýleki binalardyr desgalar bu gün ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň guwanjyna öwrüldi.
«Aziýanyň merjen şäheri» diýlip tanalýan ak mermerli paýtagtymyzyň dürli maksatly gurluşyklary dünýäniň gazananlary, milli binagärçilik sungaty bilen sazlaşyp ajaýyp gözelligi emele getirýär.
Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar, döwrebap täze innowasion tehnologiýalara daýanýan, sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrlandyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan dürli görnüşli maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Goý, eziz Watanymyzy, merjen paýtagtymyzy ösüşleriň belent derejesine çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
«7/24.tm»
(TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bäsleşigine)