Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň 2021-nji ýyldaky 1-nji sany okyjylara gowuşdy. Žurnalyň täze sanynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň möhüm wakalary giňişleýin teswirlenipdir.
Ata Watanymyzda gazanylýan üstünliklerden we Türkmenistanyň daşary syýasatynda ýetilýän sepgitlerden söhbet açýan neşiriň sahypalarynda ýerleşdirilen habarlaryň hem-de maglumatlaryň giň halkara okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretmegi üçin tagalla edilendigini bellemek gerek.
Şeýle-de, «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň degişli bölümlerinde sene yzygiderliliginde ikitaraplaýyn gepleşikler, geňeşmelerdir maglumat brifingleri, halkara onlaýn forumlar we ylmy-amaly maslahatlar, şeýle hem şu ýylyň birinji çärýeginde Daşary işler ministrligi tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri we abraýly guramalaryň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar beýan edilipdir.
Taýýarlan Kanunmyrat HALLYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.