Soňky habarlar

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ BÄSLEŞIGINE. Ak şäherimiz Aşgabadyň ady bu gün dilden dile geçýär. Türkmen paýtagtynyň ady dünýäniň dürli dillerinde ýaňlanýar. Dünýäniň 100-den gowrak döwletinde 20 töweregi dilde çap edilýän Ginnesiň bütindünýä rekordlary kitabynyň sahypalarynda Aşgabat şäheri mynasyp ornuny tapdy. «Arkadagyň ak şäheri Aşgabat» diýlip söýgülenýän baş şäherimiz we onuň goýnundaky ajaýyp desgalar ençeme gezek Ginnesiň  bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

1955-nji ýyldan bäri neşir edilýän Ginnesiň rekorlar kitabynyň sahypalarynda Türkmenistan, hususan-da Aşgabat bilen bagly maglumatlaryň yzygiderli peýda bolýandygy ata Watanymyzyň at-abraýynyň günbe-günden artýandygyny aňladýar. 2003-nji ýylda «Altyn asyr» atly türkmen halysyna bu meşhur kitabyň sahypalaryndan orun berildi. 2008-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýädäki iň beýik baýdak sütüni oturdylan bolsa, soňra «Oguzhan» suw çüwdürimler ýadygärlikler toplumy hem Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan berilýän degişli şahadatnama mynasyp boldy. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinde Oguzhanyň biçak uly göwrümli ýyldyzy oturdylyp, ol hem şol kitapdaky rekordlaryň hataryna goşuldy. «Älem» medeni dynç alyş merkezindäki synlaýyş meýdançasy rekordlar kitabyna girizildi.

Aşgabat şäherinde bina edilen iň owadan desgalar Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi milli Liderimiziň ynsan elleri bilen döredilen iň gadymy sungat hasaplanýan binagärlik sungatyny döwrebap ülňülere laýyklykda ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň öz miwesini berýändigini aňladýar. Hut şonuň üçinem, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gahryman Arkadagymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at berildi. Bu bolsa milli Liderimiziň gurmak we döretmek babatda öz halkyna görelde bolýandygynyň nyşanydyr.

«7/24.tm»