Soňky habarlar

Ýaş hukukçylaryň halkara bäsleşigi

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde gurnamagynda wideoaragatnaşyk ulgamy «Ýaş hukukçylaryň arasynda halkara bäsleşigi» geçirildi. Bu barada www.mfa.gov.tm saýtynda habar berildi.

Bu bäsleşige Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň döwlet we hususy edaralaryndan ýaş hukukçylar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar dürli temalar boýunça öz işleri bilen çykyş etdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler yglan edilip, olaryň arasynda birinji orna Aşgabat şäher Köpetdag etrap prokuraturasyndan J. Atamuradow we «Hukukçy» Hojalyk jemgyýetinden M. Öwezow eýe boldular. Ikinji orna Özbegistan Respublikasyndan hukukçy A.Juraýewa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginden S. Kömekow, üçünji orna bolsa Daşoguz welaýatynyň prokuraturasyndan Ý. Aşyrow we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden J. Nowruzowa eýe boldular.

Taýýarlan Kanunmyrat HALLYÝEW,

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.