Soňky habarlar

Halkara ýaşlar forumy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli 2021-nji ýylyň 29-njy martynda wideoaragatnaşyk arkaly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak» atly halkara ýaşlar forumy guraldy.

Halkara forum Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralyp, oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, şeýle-de ýurdumyzyň degişli döwlet edaralaryny, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň jogapkär işgärleri we wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistan Watanymyzda dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, Ýer ýüzüne doganlyk-dostluk ýörelgelerini ýaýmak, halkara guramalary bilen jebis gatnaşygy ýola goýmak babatda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň edildi.

Forumyň jemleri boýunça gatnaşyjylaryň Bilelikdäki ýüzlenmesi kabul edildi.

Perman AWEZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.