Soňky habarlar

Ahalda we Aşgabatda dokma toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan 2-3 aýlyk okuwlar guralar

Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan iri dokma toplumlaryny hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatyndaky, Aşgabat şäherindäki başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň binýadynda 2-3 aýlyk okuwlary guramak göz öňünde tutulýar. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Bilim ministrligi Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde gysga möhletli ýörite okuwlaryň meýilnamasyny işläp düzmek, bu kärhanalara zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri — tehnologlary, inženerleri we beýleki hünärmenleri seçip almak üçin degişli ýokary okuw mekdepleri bilen işleri alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, Diýarymyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginler bilen ösmegi netijesinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanýandygyny belledi. 

Bu ulgamda görülýän netijeli çäreler ýaş hünärmenleri çekmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz dokma pudagy üçin degişli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere okuw edaralaryny şu maksatlar üçin netijeli ulanmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

www.tmcars.com.tm