Soňky habarlar

BMG-Türkmenistan: wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

2021-nji ýylyň 12-nji martyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýaşlar boýunça Ýörite wekili hanym Jaýatma Wikramanaýake bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýewiň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda oňa gatnaşanlar «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň çäklerinde göz öňünde tutulan «Parahatçylyk we ynanyşmak» atly ýaşlar Forumy babatda pikir alyşdylar.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.