Soňky habarlar

Ylmy-usulyýet merkeziniň okuw sapaklary

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde nobatdaky okuw sapaklary geçirildi. Bu gezekki geçirilen okuw sapaklaryna Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Saglyk öýleriniň we Talyplar Saglyk öýüniň lukmanlary, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezinden hünärmenler, gazet-žurnallaryň wekilleri diňleýji bolup gatnaşdylar.

Diýarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky gazananlary hakynda, Ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak babatda geçirilýän çäreler, şeýle-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işler hakynda söhbet edildi. Umumy sapaklary Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, Ösüş Maksatnamasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramalarynyň tejribeli hünärmenleri 2030-njy ýyla çenli kabul edilen Gün tertibiniň esasy maksatlarynyň aýratynlyklary hakynda çykyş etdiler. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri ýurdumyzda saglygy goramak babatda amala aşyrylýan çäreleriň halkara gatnaşyklary ulgamynda alyp barýan işleri, Durnukly Ösüş maksatlarynyň 3-nji maksady bolan «Sagdyn durmuş we abadançylyk» hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

 Şeýle okuw sapaklary ýylyň dowamynda üç tapgyrda gurnalýar. Merkeziň esasy wezipesi ýaşlary, hususy düzümleri we jemgyýetçilik guramalarynyň işine goşmak bilen ilatyň arasynda Durnukly ösüş maksatlary barada bilimleri giňeltmekden ybaratdyr.

Gülşat ÝUSUPOWA,

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň utgaşdyryjysy.