Soňky habarlar

«Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» ady bilen futbol baýramçylygyny gurady.

Gökderedäki «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen «Grassroots» çagalar futbol festiwalyna dynç-alýan çagalar gatnaşdylar. Bu festiwalyň esasy maksadynyň ýurdumyzda çagalar we ýetginjekler futboluny ösdürmekden ybaratdygyny aýratyn bellemek gerek.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Festiwalyň dowamynda dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda futbol bäsleşigi guraldy.

2020-nj iýylyň 4-nji iýunynda badalga berlen bäsleşige 11 toparyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Bäsleşigiň jemleýji güni ýarym final hem-de final duşuşyklary geçirildi. Onuň netijesinde aýgytlaýjy duşuşykda «Olimpden» 1:0 hasabynda üstün çykan «Köpetdag» topary baş baýraga mynasyp boldy. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna «Dostluk» topary çykdy.

Çagalar festiwalynyň soňunda guramaçylar tarapyndan ýörite taýýarlanan sowgatlar, medallardyr kubok gowşuryldy.