Soňky habarlar

«Ýaş habarçy» atly döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Ýaş habarçy» atly döredijilik bäsleşiginiň Düzgünnamasy

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ähli ugurlar boýunça zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna we aň-düşünje taýdan kemala gelmegine ýardam berilýär. Ýurdumyzda çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetinden, medeniýetinden, jemgyýetçilik durmuş ugurlaryndan oňat baş çykarýan, ökde ýaş hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda hormatly Prezidentimiz Ýaşlar guramasynyň öňünde: «Ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň arasynda döredijilik festiwallaryny we bäsleşiklerini geçirip, täze zehinleri ýüze çykarmaly» diýen wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň baş maksady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan, şeýle-de ýaşlary sanly ulgamda wagyz etmäge işjeň çekmekden, internet torlaryny netijeli peýdalanmakdan ybarat bolup, taýýarlanan materiallar žurnalistikanyň habar žanrynda beýan edilmeli.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlar öz taýýarlan materiallaryny we maglumatlaryny bäsleşigiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň www.msy.gov.tm resmi internet saýtlarynda ýerleşdirilen gününden başlap, 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli, elektron nusgada «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «turkmenistansport@list.ru» we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «turkmen-youth@online.tm» elektron poçta bukjalaryna iberip bilerler.

Eminler tarapyndan talabalaýyk hasaplanan materiallar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň www.msy.gov.tm  resmi internet saýtlarynda ýerleşdiriler, şeýle hem «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda çap ediler. Materiallary we maglumatlary çap etmek «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ygtyýaryna berilýär.

Täsirli we gyzgyny bilen habar taýýarlamakda yzygiderli çykyş eden ýaşlar eminler tarapyndan baha berlende artykmaçlyklardan peýdalanarlar.

Bäsleşik we onuň Düzgünnamasy www.yashlar.gov.tm we www.msy.gov.tm  resmi internet saýtlarynda ýerleşdirilen gününden başlap, güýje girýär.

Eminler topary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan kesgitlener. «Ýeňiji» diýlip yglan edilen ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi  tarapyndan taýýarlanan Hormat hatlary we gymmatbahaly baýraklar bilen sylaglanar. Şeýle-de bäsleşige işjeň gatnaşan ýaşlara höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Bäsleşigiň jemi Halkara Bitaraplyk toýumyzyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde jemlener.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 44-88-68; 56-65-73