Soňky habarlar

«Ýylyň okuwçysy-2020» bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamyndaky özgertmeleriniň talaplaryna laýyklykda gözýetimi giň, kämil bilimli, zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakda hem höweslendirmekde birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda  «Ýylyň okuwçysy-2020» atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşigiň mekdep tapgyry 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 4-ine geçirilip, onda ýeňiji bolan 13 okuwçy şäher tapgyrynda öz zehini görkezdi.

Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrda, okuwçylaryň jemleýji ýyllyk bahalary we 11-nji synpa çenli mynasyp bolan diplomlaryna we hormat hatlaryna seredildi. 2-nji tapgyrda, okuwçylar Serdar şäher bilim bölümi tarapyndan takyk, ynsanperwer we tebigy ugurly bilimler boýunça düzülen 50 soraga 30 minutyň dowamynda jogap berdiler. 3-nji tapgyr, iki şertden ybarat bolup, okuwçylar başda öz döredijilik başarnyklaryny aýratynlykda görkezdiler, soňra öz saýlan erkin temalary boýunça çykyş etdiler. Ýaryş örän çekeleşikli bolup, emin agzalarynyň adalatly baha bermeginiň netijesinde Baş baýraga 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Laçyn Begzadaýewa mynasyp boldy.

I orun: Saparmyrat Ýazmämmedow (5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy)

II orun: Guwanç Rejebow (7-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy)

III orun:  Dawut Pürnazarow (11-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy) hem-de Gylyçbaý Jumaýew (10-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy)

   Bäsleşigiň ýeňijileri Serdar şäher bilim bölüminiň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Serdar şäher geňeşi tarapyndan sowgatlar bilen sylaglandylar we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýunus ALLANAZAROW

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.