«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ady bilen gadam basylan täze ýylymyzyň ilkinji günlerinden başlap ýaşlarymyzy sporta çekmek, olaryň arasynda watansöýüjiligini, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy tarapyndan köp sanly sport ýaryşlary we medeni çäreler gurnaldy.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň sagdyn bolup ýetişmekleri, çagalarymyzyň boş wagtlaryny, gyşky dynç alyş möwsümini peýdaly we şadyýan geçirmek, olaryň işjeňligini artdyrmak babatynda beren tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirmek maksady bilen, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz!» diýen at bilen çilik, gyzyl taýak, kepbämgurdy, ýaglyga towusmak, uran-urdy, mergenlik, taýak zyňdy ýaly milli we hereketli oýunlar boýunça «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýaryş geçirildi.
Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Saglygym baş baýlygym» diýen at bilen sportuň küşt, düzzüm, şaşka, kyrk göjek, topargaçdy, çekişme, altyçöp, jemile ýaly türkmen milli we hereketli oýunlary boýunça bäsleşikler «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi.
Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda Aşgabatdaky Milli olimpiýa sport köşgünde buzda typmak boýunça ýurdumyzyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda gözden geçirilişik guraldy.
Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda guralan «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Hünär şäherjigi» atly wagyz-nesihat häsiýetli hünärlere ugrukdyryş çäresi çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Şöhrat ORAZOW,
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň hünärmeni.