Soňky habarlar

Okuwçylaryň gyşky dynç alşy tamamlandy

Hormatly Prezidentimiziň çagalarymyzyň gyşky dynç alyş möwsümini şadyýan we şowhunly geçirmek babatynda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde şowhunly ýaryşlar guraldy.

Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirlen ýaryşlar bu ýere dynç almaga gelen çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.

«Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz!» diýen şygar astynda çilik, gyzyl taýak, kepbämgurdy, ýaglyga towusmak, uran-urdy, mergenlik, taýak zyňdy ýaly milli we hereketli oýunlar boýunça ýaryş geçirildi.

Çagalaryň höwes bilen işjeň gatnaşan milli we hereketli oýunlarynyň yzýany «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Saglygym baş baýlygym» diýen at bilen ýaryş geçirildi. Çagalar bu ýerde küşt, düzzüm, şaşka, kyrk göjek, topargaçdy, çekişme, altyçöp ýaly türkmen milli we hereketli oýunlary boýunça bäsleşdiler.

Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda Aşgabatdaky Milli olimpiýa sport köşgünde buzda typmak boýunça ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda gözden geçiriliş guraldy.

Soňra bolsa «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Hünär şäherjigi» atly wagyz-nesihat häsiýetli hünärlere ugrukdyryş çäresi guraldy.

Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde guralan ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan çagalar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Gurban KASYMOW,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy.