Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.
Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisi we Jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Oňa paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň köpsanlysy gatnaşdylar.
Maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlenilip, olarda «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň uly döredijilik üstünliklerine, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenendigi, gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň geljek ýyla hem täsirini ýetirjekdigi dogrusynda baý maglumatlar esasynda gürrüň etdiler.
Şeýle-de çykyşlarda Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döwletimiz üçinem, halkymyz üçinem nähili uly ähmiýetiniň bolandygyna ösüşli ýyllarda gazanylan üstünlikleriň aýdyň şaýatlyk edýändigini, Türkmenistanyň hakykatdan hem Bitaraplygyň Watanyna, Bitaraplygyň mekanyna öwrülendigini, dünýäde iki gezek ykrar edilen Bitarap döwletdigini uly buýsanç bilen aýtdylar we hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.
(www.yashlar.gov.tm)