Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ýeňişli menzilleriň ýalkymy

Russiýa Federasiýasynyň we Mongoliýanyň çäklerinden uzan «Ýüpek ýoly – 2025» halkara ralli-marafonynda Türkmenistana wekilçilik eden ekipažlaryň üçüsi hem şowly çykyş etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ilkinji gezek 2009-njy ýylda Kazan – Aşgabat aralygynda geçirilen abraýly ýaryşyň 15 ýyllygyna bagyşlanan nobatdaky ralli-marafona 12-nji iýulda Irkutsk şäherinde badalga berildi. Dartgynly geçen bäsleşik 22-nji iýulda Gorno-Altaýsk şäherinde jemlendi. Onuň umumy 4 müň 811 kilometrlik ugry Irkutsk oblastynyň, Burýatiýanyň we Altaý Respublikasynyň hem-de Mongoliýanyň üstünden geçdi. Çarkandakly ýollardan, dag-derelerden hem-de çöl-beýewanyň üstünden külterlenen menzillerde ekipažlar 11 tapgyrda bäsleşdiler.

Umumy hasapda görkezen wagty Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň ýeňiş gazanandygyny äşgär etdi. Bu olaryň «Ýüpek ýoly» ady bilen geçýän ýaryşdaky ikinji ýeňşidir. Meýlis Abdyllaýewiň ýolbaşçylygyndaky ekipaž bolsa bu bäsleşigi ikinji orunda tamamlady. Maksatmyrat Daňatarowdan hem-de Didar Orazmedowdan ybarat bolan türkmen topary üçünji orny eýeledi.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda T2 ýaryşynda ýeňiji bolan Merdan we Şöhrat Toýlyýewlere, ikinji orny eýelän Meýlis Abdyllaýew bilen Italmaz Çaryýewiň ekipažyna hem-de öňdäki üçlügi jemlän Maksatmyrat Daňatarowyň we Didar Orazmedowyň toparyna ýaryşyň kuboklarydyr medallary gowşuryldy.

«Türkmen sporty» gazeti