20-nji iýulda bellenilýän Halkara küşt gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Rus öýünde täsirli we kämilleşdiriş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen bilelikde guralan intellektual baýramçylyk ýaryşy 7 we ondan uly ýaşly küşt höwesjeňlerini bir ýere jemledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Myhmanlary Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) başlygy Wepa Mälikgulyýew garşy aldy. Ol ýaşlaryň arasynda küşt oýnunyň wagyz edilmeginiň hem-de ýaş zehinleriň goldanylmagynyň ähmiýeti barada belläp geçdi.
Çäräniň iň esasy wakalarynyň biri Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary, Türkmenistanyň erkekler milli ýygyndysynyň baş tälimçisi we FIDE ussady Mergen Kakabaýew tarapyndan görkezilen 40 tagtada bir wagtyň özünde geçirilen oýny boldy.
Çäräniň çäginde «30 minutda küşt oýnamagy öwreniň» atly sapak –küşt bilen täze meşgullanyp başlanlar üçin ajaýyp başlangyç boldy. «Küşt oýnunyň syrlary» atly ussatlyk sapagy – tejribeli tälimçiden peýdaly usullar, ýörelgeler we strategiýalar hödürlenildi.
Çärä gatnaşyjylar diňe bir gowy täsirler bilen däl, eýsem, täze bilimler, ylham we küşt dünýäsinde kämilleşmek islegi bilen öýlerine gaýtdylar.
Halkara küşt güni 1966-njy ýyldan bäri bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygy döretmek başlangyjy 1924-nji ýylyň 20-nji iýulynda Parižde döredilen Halkara küşt federasiýasyna (FIDE) degişlidir.