Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Abraýly ýaryşyň medallary

Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen göreş görnüşleri boýunça Aziýanyň ýaşlar çempionatynda türkmen türgenleri şowly çykyş etdiler. Erkin we grek-rim göreşleri boýunça türkmenistanly pälwanlar ýaşlaryň (20 ýaşa çenli) we kadetleriň (15 ýaşa çenli) arasynda 1 kümüş, 4 bürünç medal gazandylar.

Erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 86 kilogram agram derejesinde Döwletgeldi Myradow kümüş medala mynasyp boldy. Watan Annaorazow 74 kilogram, Alp Arslan Begenjow 79 kg agram derejelerinde bürünç medal gazandylar.

Erkin göreş boýunça kadetleriň arasynda 44 kilogram agram derejesinde Meret Durdyýew bürünç medala mynasyp boldy. Grek-rim göreşi boýunça Jeýhun Hakberdiýew (52 kg) hem bürünç medal gazandy.

«Türkmen sporty» gazeti