Soňky habarlar

Lebap welaýatynda düzzüm bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan  türkmen milli oýunlaryny wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň we Türkmenistanyň milli oýunlar merkeziniň hünärmenleri ýurdumyzyň welaýatlaryndaky zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we milli oýunlary wagyz etmek üçin saparda bolup, gepleşikler tapgyryny surata düşürýärler.

Döredijilik topary şu hepdäniň başynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Dänew etrabynda bolup, düzüm oýny boýunça bäsleşikleri ýazga geçirdiler.

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy arkaly ýakyn günlerde şol bäsleşigiň tomaşaçylara ýetirilmegine garaşylýar.

www.msy.gov.tm