Soňky habarlar

Milli oýunlar «Türkmenistan:Sport» teleýaýlymynda

Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we milli oýunlary wagyz etmek boýunça berlen tabşyryklardan ugur alnyp taýýarlanylýan milli oýunlara bagyşlanan gepleşik «Türkmenistan:Sport» teleýaýlymy arkaly tomaşaçylara ýetirildi.

Türkmenistanyň milli oýunlar merkeziniň başlygy Şöhrat Myratgulyýew bilen «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň tejribeli žurnalistleriniň biri Narly Nuryýewiň ata Watanymyzda milli oýunlary ösdürmek babatda alnyp barylýan işlerden söhbet açýan gürrüňdeşligi täsirli wideoşekiller bilen baýlaşdyrylypdyr.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hormatly Prezidentimiziň türkmen milli oýunlaryny wagyz etmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen alyp barýan işleriniň näderejede ýerine düşýändigi hem gepleşigiň dowamynda anyk mysallar arkaly beýan edilýär.

Milli oýunlardan söhbet açýan gepleşigiň täsirli bolmagynda  «Türkmenistan:Sport» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň we tehniki işgärleriniň uly tagallasynyň bardygyny aýtmalydyrys.

www.msy.gov.tm