Soňky habarlar

Ýaşlar sporty saýlaýar

Güneşli Diýarymyz Türkmenistan dünýäniň sport ýurduna öwrüldi. Şonuň netijesinde-de häzirki wagtda sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýurdumyzda her bir adamyň ýörelgesine öwrüldi. Ýaşlaryň sport arkaly üstünlige, ruhubelentlige ýetip bolýandygyna göz ýetirmekleri olarda sporta bolan islegi has-da artdyrýar. Ýaşlaryň bu islegi hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty netijesinde kemala geldi.

Şonuň netijesinde-de, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, Uniwersiadalar, Spartakiadalar, milli derejeli birinjilikleri geçirilýär. Muňa mysal edip, dowam edýän «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI Spartakiadany, milli göreş boýunça Ahal welaýatynyň birinjiligini, erkin göreş boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligini, ýeňil atletika boýunça Aşgabat şäheriniň kubogyny, Aşgabat şäheriniň badminton boýunça birinjiligini agzamak bolar. Ýaşlar bu ýaryşlara örän işjeň gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen sport desgalary, stadionlar, sport mekdep-internatlar, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi, golf meýdançasy hem ýurdumyzda sport barada edilýän atalyk aladanyň aýdyň mysalyny görkezýär.

Şeýle hem, 2020-nji ýylda Aşgabatda futzal boýunça Aziýa çempionatynyň, Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi Türkmenistanyň sport hökmünde barha meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär.

 Häzirki wagtda biziň okaýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetimiziň talyp ýaşlary hem ýurdumyzda dowam edýän nobatdaky Uniwersiada-da üstünlikli çykyş edýärler. Uniwersitetimiziň talyp türgenleri Uniwersiada-da küşt, şaşka, basketbol, woleýbol, futbol, sambo, stoluň üstünde oýnalýan tennis, uly tennis we sportyň başga-da birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşýärler. Şeýlelikde, ylym-bilim almak bilen bir hatarda sporty hemra edinen deň-duşlarymyz Uniwersiadanyň guramaçylykly geçmegine goşantlaryny goşýarlar.

Aşyr SAPAROW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň žurnalistika hünäriniň talyby