Fransiýanyň paýtagty Parižde dowam etdirilýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde türkmenistanly dzýudoçylar çykyşlaryny tamamladylar.
28-nji iýulda 66 kilogram agramda ýaryşa gatnaşýan Serdar Rahimow 2 duşusyk geçirip, olaryň ilkinjisinde angolaly Edmilson Pedrony ýeňdi. 1/8 finalda bolsa geljekki finalçy Willian Limadan (Braziliýa) ýeňildi.
29-njy oýulda 57 kilogram agramda çykyş edýän zenanlaryň ýaryşynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa göreş düşekçesine çykdy. Ol başlangyç duşuşykda hytaýly bäsdeşi Cai Qi bilen tutluşyp, ondan üstün çykdy. 1/8 finalda bolsa 19 ýaşly türkmen gyzy M.Pardaýewa braziliýaly Rafaela Silwa bilen duşuşdy. Bu tutluşykda has tejribeli 32 ýaşly braziliýaly dzýudoçy R.Silwa ýeňşini baýram etdi.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň baýdakgöterijisi bolmak ynanylan Serdar Rahimow Duşanbede geçirilen Gran-pri ýaryşynda altyn medal gazanypdy. 19 ýaşly Maýsa Pardaýewa bolsa Antalýada guralan Gran-pri ýaryşynyň bürünç medaly gazanypdy. Türkmen dzýudoçylary dünýä çempionatlarynyň we Olimpiýa oýunlarynyň baýrakly orunlarynyň eýeleri bilen göreşip, hormat münberine çykmaga mynasypdyklaryny görkezdiler. Diýmek, dzýudoçylarymyzyň entek ýaşdygyny hasaba alsak, ýakyn ýyllarda olaryň ýetilen sepgitleriň hataryny uzaldyp, biljekdiklerine ynam döreýär.