Soňky habarlar

Milli ýygyndymyzyň ilkinji türgenleşikleri

24-nji iýulda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Fransiýanyň Pariž şäherinde bolýan milli ýygyndy toparymyzyň türgenleriniň ilkinji türgenleşikleri geçirildi.

Suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri ilkinji türgenleşiklerini geçirdiler. Bu toparyň düzüminde 100 metre erkn ýüzmek boýunça türgen, halkara derejeli sport ussady Musa Žalaýew bilen 100 metre arkanlygyna ýüzmek boýunça türgen, Türkmenistanyň ussat ussady Aýnur Primowa bar. Türgenleşiklerde Musa Žalaýewe we Aýnur Primowa Dmitriý Nowikow tälimçilik edýär. Tälimçi bilen gürrüňdeş bolanymyzda meýilnama boýunça her günde 2 wagtyna türgenleşmegiň göz öňünde tutulandygyny gürrüň berdi. Ildeşlerimiziň 29-nji we 30-njy iýulda Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşlary bolar.

Ýeňil atletika boýunça milli ýygyndy toparymyz ilkinji bolup ýörite göz öňünde tutulan türgenleşik desgalarynda türgenleşiklere başlady. Günüň ikinji ýarymynda dzýudo boýunça milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri ilkinji türgenleşiklerine girişdiler.