Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Olimpiýa obasy Olimpiýaçylary kabul edýär. Pariž Olimpiadasynyň geçýän günleri ol ýerde 14 müňden gowrak adam, şol sanda 9000 töweregi türgen ýaşar. Türkmenistanyň sport wekiliýeti 23-nji iýulda Parižde dabaraly garşylanyp, şol gün Olimpiýa obasynda ýerleşdirildi. Binanyň 10-njy gatynda türkmen baýdagyny we “Team Turkmenistan” ýazgysyny gören mahalyň buýsanjyň artýar.
Türkmen türgenleri Pariž Olimpiadasynyň guramaçylarynyň soňlugy bilen döwrebap ýaşaýyş jaýaryna öwrüljek Olimpiýa obasynda ýaşamak üçin amatly şertleri döredendiklerini aýdýarlar. Tomusky Olimpiada tamamlanansoň geçiriljek Paraolimpiada gatnaşýanlaryň 9 müň töweregi türgeniniň hem şol ýerde ýaşajakdygyny ýatladýarys.
Olimpiýa obasynyň meýdany 52 gektara barabar bolup, ol Sent-Ouen, Sen-Deni we Il-Sen-Deni etraplarynyň sepgidinde eýerleşýär. “Stad de Frans” stadionynyň golaýyndaky boşluk meýdan indi 40 töweregi desgany, şol sanda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny, hassahanany, doping merkezini we türgenleşik desgalaryny öz içine alýar. Ol ýerde hünärmenleriň 4000-si, meýletinçileriň 1500-si myhmanlara hyzmat edýär.