Soňky habarlar

Türkmen olimpiýaçylaryny garşylamak dabarasy

2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Pariž şäheriniň Şarl de Goll adyndaky halkara howa menzilinde Türkmenistanyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sport wekiliýetini garşylamak dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň jogapkär işgärleri, Pariž Olimpiadasynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri, şeýle-de meýletinçiler gatnaşdylar.

Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl tuguny elinde göterip gelen meýletinçileriň uzyn hatarynyň öňünden geçen Olimpiýaçy türgenlerimizi garşylamagy buýsançly duýgy döretdi. Milli eşikli gyzlaryň duz-çörekli garşylamagy bolsa alys Fransiýada türkmen halkynyň däp-dessurlaryna uly hormat goýulýandygynyň nyşany boldy. Dabaranyň dowammynda ol ýere baranlaryň ellerinde galgaýan ýaşyl baýdaklara gözüň düşende özüňi türkmen topragynda ýaly duýýarsyň.

Soňra Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň düzümindäki türgenler we tälimçiler Olimpiýa obasyna gelip, bu ýerde ýaşamaly hem-de türgenleşik geçmeli ýerleri bilen tanyşyryldy. Türkmenistanyň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna sportuň 4 görnüşi, ýagny agyr atletika, dzýudo, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça gatnaşýandygyny ýatladýarys. Pariž Olimpiadasynyň resmi açylyş dabarasy 26-njy iýulda geçiriler.