Soňky habarlar

Olimpiýa oýunlary Pariže näçe milliard girdeji getirer?

Pariž 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryndan 6,7 – 11,1 mlrd ýewro möçberde arassa ykdysady peýda gazanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Sport hukugy we ykdysadyýeti merkezi tarapyndan hödürlenen garaşsyz gözlegiň netijesine görä, Oýunlar sebite 2,3 – 3,1 million adamy çeker, olaryň 64 göterimi – fransiýalylar. Myhmanlaryň çykdajylary 2,6 milliard ýewro bolar.
7 milliard ýewro media-hukuklaryň satuwyndan, hemaýatkärlikden, peteklerden we uzak möhletleýin infrastruktura taslamalaryndan, şeýle-de HOK-dan gelmeli. Döwlet, aýratynam, ýerli jemgyýetler üçin taslamalara 3 mlrd ýewro maýa goýar. Döwlet çykdajylarynyň her bir ýewrosynyň 3 ýewro girdeji getirmegine garaşylýar.

Bu maýa goýumlaryň 80 göterimini Fransiýanyň iň garyp departamentleriniň biri bolan Sen-Sen-Deni alar. Ol ýerde 2,8 müň ýaşaýyş jaýyny we iki mekdebi öz içine alýan Olimpiýa obasy gurlar. Oýunlardan soň bu ýer 6 müň ýaşaýjy üçin elýeterli bolar.

 

www.tmcars.info