Soňky habarlar

BAŞA-BAŞ SÖWEŞ SUNGATY SPORT BINASY

Bu bina 2 gatdan ybarat bolup, 2272 adama niýetlenendir. Onuň içinde boks, taekwando, dzýudo, sambo, erkin göreş, guşakly göreş, grek-rim göreşi, jiu-jitsu, agyr atletika oýunlary üçin 2272 tomaşaça niýetlenen umumy manež bar. Binada gurnalan podiumda bir wagtyň özünde 3 sany ýaryş geçirmek üçin göreş düşekçeleri hem göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, binada türgenleşik geçirmek üçin 2 sany kiçi zal bolup, olaryň birinde 2 sany boks ringi we enjamlary, ikinji zalda bolsa 2 sany göreş düşekçesi ýerleşýär.

Binada ýokary derejeli myhmanlar hem-de türgenler üçin niýetlenen döwrebap fitnes merkezi bar. Onda saglygyňy berkitmek, dürli maşklary ýerine ýetirmek üçin enjamlaryň örän köp görnüşi oturdyldypdyr. Beden synalaryna oňyn täsiri bolan enjamlar bilen bir hatarda, türgeniň dürs hereket etmegine mümkinçilik berýän gurallar, saglyk ýagdaýyňy anyklaýan barlaghana enjamlary bar. Bu ýerde ornaşdyrylan sport enjamlary, dürli görnüşli agyrlyklary götermek üçin niýetlenen gurallar ynsanyň beden gurluşyny syratly görnüşe getirýär hem-de saglygynyň berkemegini şertlendirýär. Dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen merkezde maşklaryň örän köp görnüşi bilen meşgullanmaga mümkinçilikler bar. Zalda dürli görnüşli maşklary ýerine ýetirmegiň tertibini görkezýän şekiller hem bar. Mundan başga-da, fitnes zalynda sport enjamlary bilen birleşdirilen ýörite monitorlar oturdylandyr. Olaryň kömegi bilen, her bir adamyň türgenleşikleri synlamaga, maşklary dogry ýerine ýetirmäge we kemçiliklerini düzetmäge mümkinçiligi bolar.

Merkezde esasy türgenleşik zalyndan başga-da, barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zal bar. Bu ýerde oturdylan enjamlar sport we saglygy goraýyş ulgamynda dünýäde bar bolan enjamlaryň iň täzeleridir. Bu enjamlar toplumy ilkinji gezek hut şu desgada ornaşdyryldy. Olar adamyň dem alyş ýollaryny, tutuş bedeniniň işleýiş derejesini, bogunlaryň ýagdaýyny, adamlaryň süňňüniň agyrlyk derejesini anyklap, bu babatda takyk netijeleri bermäge ukyply.

Ýokarda beýan edilenlerden başga-da, başa-baş söweş sungaty sport binasynda oýunçylar we eminler üçin egin-eşik çalşyrylýan otaglar, sauna, bug otagy, iş otaglary, tehniki otaglar we kafeler bar.