Albaniýanyň Durres şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyndan yzly-yzyna hoş habarlar gelip gowuşýar. Türkmenistanly türgenleriň bu üstünlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň hem ünsüni özüne çekýär. Iki çempionlyk, bir kümüş we kiçi bürünç medal çempionatda agyrlygy götermäge çykan türkmenistanly türgenlere hemmeleriň ünsüni jemlemegine getirdi. Muny Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynda 30-njy martda ýerleşdirilen makala hem tassyklaýar. Bu makalany türkmen diline terjime edip, okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Ýetginjekleriň arasynda Durres şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynyň 14 agram derejesindäki ýaryşlaryndan soň, Türkmenistanyň ýygyndysy 10 medal bilen (şolaryň hem 6-sy altyn medal) iň güýçli ýygyndylaryň sanawynda ikinji orny eýeleýär. Türkmenistanly agyr atletikaçylar diňe 12 medally (7-si altyn) Filippinlerden yzda. Aziýa wekilçilik edýän ýygyndynyň soňky medaly zenanlaryň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde gowşuryldy. Has takygy, 88 kilogram agyrlygy galdyran Gülälek Kakamyradowa Türkmenistanyň medal gaznasyna bürünç medaly goşdy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary öňde ýene üç güni galan dünýä çempionatynda umumy medallaryň sany boýunça ilkinji üç orunda galyp biljekdiklerine ynanýarlar.
Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çary Mämmedowyň aýdyşy ýaly, agyr atletika bu döwletde sportuň milli görnüşi derejesine çenli göterildi. Düşündiriş örän sada: Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny hem agyr atletikada gazandy.
«Polina Gurýewanyň bu üstünligi tutuş ýurdumyzda agyr atletikanyň taryhda görlüp-eşidilmedik derejede ösmegine itergi berýär. Hut şol Olimpiýa medaly çagalaryň we ýetginjekleriň köpüsiniň agyr atletika bilen meşgullanyp başlamagyna sebäp boldy» diýip, Çary Mämmedow aýdýar. Ýeri gelende, geçen ýylyň dekabr aýynda ulularyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda hem türkmenistanly agyr atletikaçy Rejepbaý Rejebowyň 81 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazanandygyny ýatlamak gerek.
«Bizde zehinli türgenlere uly üns berilýär. Ýurdumyzyň bir ýerinde ezber agyr atletikaçyny gördükmi, onuň 15 ýaşdan soňra bilimini we tälimini Aşgabatdaky ýörite sport mekdeplerinde dowam etdirmegini gazanýarys. Bu ýagdaý olaryň geljekde halkara ýaryşlaryň, gerek bolsa, Olimpiýa oýunlarynyň medallaryna mynasyp bolmagy üçin möhüm orny eýeleýär» diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berýär. Şeýle hem ol häzirki wagtda milli federasiýa tarapyndan 300-e golaý türgeniň hasaba alnandygyny gürrüň berdi. Ýöne, onuň aýdyşy ýaly, ýurtda agyr atletika bilen özbaşdak türgenleşýän çagalar we ýetginjekler hem kän.
P.Gurýewanyň ýapon paýtagtyndaky üstünligi türkmen wekilleriniň indiki medallara bolan ynamyny has artdyrdy. Olar 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna alty agyr atletikaçy bilen (üç erkek, üç zenan) gidip biljekdiklerine ynanýarlar.
«Muny başarjakdygymyza ynanýarys. Çünki bizde Olimpiýa medallaryny ýene-de gazanyp biljek ezber türgenler barmak büküp sanardan kän» diýip, söhbetdeşimiz aýdýar. Ýöne Türkmenistanyň ýygyndysynyň şu ýaryşdan soňky esasy maksady — sentýabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmek. Çary Mämmedowyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan ulularyň arasyndaky dünýä çempionatyna has güýçli düzüm bilen gatnaşmagy meýilleşdirýär. Milli ýygyndy Er-Riýadda sekize çenli medal gazanyp biljekdigine ynanýar.
Albaniýadaky ýaryşyň jemleri boýunça garaşýan netijeleri barada soranymyzda, ol: «Esasan hem, gyzlaryň gowy netijeleri gazanjakdygyna ynanýardyk. Erkekleriň arasynda 61 kilograma çenli agram derejesinde Perhat Bagtyýarowyň hem altyn medal gazanmagyna garaşýardyk. Ýöne ol altyn medalyň eýesinden bary-ýogy 2 kilogram agyrlygy az göterip (258/260), kümüş medal gazandy. Galan netijeleri bolsa meýilleşdirişimiz ýaly gazanyp gelýäris. Öňümizdäki günlerde ýene-de medallaryň üstüni ýetirjekdigimize ynanýarys» diýip jogap berdi.
Türkmen ýygyndysynyň gazanan medallarynyň sany eýýäm olaryň umumy sanyndan geçdi. Dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik edýär. Häzire çenli olaryň dördüsi (üç zenan, bir erkek) medal gazandy. Indi ýaryşmaly türgenlerden 81 kilograma çenli agram derejesiniň wekili Anamjan Rüstemowadan gowy netijelere garaşylýar. Häzire çenli türkmen agyr atletikaçylarynyň arasynda iň ýokary netijäni 59 kilograma çenli agram derejesinde Medine Amanowa gazandy.
Medal gowşurylyş dabarasyndan soň, Gülälek Kakamyradowa ýylgyrdy-da, şeýle diýdi: «Elbetde, medal gazanmak ýakymly. Ýöne has köp zady başaryp bilerdim. Ştangany itekläp galdyrmakda elimden gelenini gaýgyrmadym, ýöne silterlemekde garaşan netijäme ýetip bilmedim».
Silterlemekde 101, iteklemekde bolsa 189 kilogram agyrlyga hötde gelen 17 ýaşly türgen ozal türgenleşikde birinji görnüş boýunça 107 kilogram agyrlygy galdyryp bilen eken. Şonuň üçin boýny bürünç medally türgen öz netijesinden doly razy däl. Ol has ýokary netijäni hem gazanyp biljekdigine ynanýar.
Gyzykly tarapy, Gülälek agyr atletika bilen Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndan ruhlanyp, meşgullanyp başlady. «Şol ýaryşda milli ýygyndymyzyň wekilleriniň gazanan medallary mende uly täsir galdyrypdy. Şondan soň agyr atletika bilen ymykly meşgullanyp başladym» diýip, ol ilkinji sport ýyllaryny ýatlady.
Şeýlelikde, Gülälek 2020-nji ýylda milli ýaryşlarda özüni görkezip başlady. «Soňra sportda has uly üstünlikleri gazanyp biljekdigime ynandym» diýip, dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi gürrüň berýär. Hepdede bäş gün türgenleşýän (şolaryň üçüsinde iki wagtyna!) Gülälek indi ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna garaşýar. Ýöne onuň esasy maksady — 2028-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak!
Perdo ADGERA,
žurnalist.