15-nji fewralda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň kiçi mejlisler zalynda okuw maslahat geçirildi. Onuň dowamynda degişli düzümiň hünärmenleriniňdir tälimçi-mugallymlarynyň gatnaşmagynda okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw maslahatyň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň lukmany Halbibi Taganowa çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen irki maşklaryň hem-de okuw-türgenleşik sapaklarynda gigiýeniki talaplaryň berjaý edilşiniň ähmiýeti barada çykyş etdi.
Soňra Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň düzzüm boýunça tälimçi-mugallymy Ýazbike Öwezowa sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklarynda hereketli milli oýunlaryň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy ýurdumyzyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan bedenterbiýe we sport bilen baglanyşykly tertipleriň ýerine ýetirilişi barada çykyş etdi.
Okuw-maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça sowal-jogap alşyldy we onuň jemleri jemlenildi.
«Türkmen sporty» gazeti.