Soňky habarlar

Baýramçylyk dabarasy

Şu günler Watanymyzda Täze ýyl baýramynyň şowhuny al-asmana göterilýär. Ýurdumyzyň ähli-edara kärhanalarynda ajaýyp baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we onuň garamagyndaky edaralar tarapyndan geçirilýän şeýle dabaralar hem ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň şowhunyny goşalandyrýar.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň kaşaň binasynyň öňünde bezelen ajaýyp arça türgenlerimiziň 2023-nji ýylyň hem uly sport üstünlikleri bilen bezejekdigini buşlaýar. Binada geçirilen şowhunly dabara bolsa hemmeleriň iň söýgüli baýramy bolan Täze ýylyň bosagasyndaky şatlygyň ulgamyň zähmetsöýer işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny görkezdi. Dabara çagalaryň şatlygyna ulaşdy.

Goý, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda täze ösüşlere beslenjek 2023-nji ýyl rysgally, döwletli hem düşümli ýyl bolsun! Täze ýyl hemmelere bagt getirsin!

“Türkmen sporty” gazeti.