Soňky habarlar

Dabaraly maslahat

15-nji fewralda Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy:ynamly ýaşlar, belent maksatlar, batly gadamlar» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň agzalar, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işgärleri, döredijilik we bilim işgärleri hem-de ýaşuly nesliň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlara döwletimizde uly orun berilýändigini bellediler. Muny Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde döwlet dolandyryşynyň täze döwründe ýaşlara ýol bermek, olary hemmetaraplaýyn goldamak barada aýdan sözleri hem aňryýany bilen subut edýär. Ýaşlaryň ýokary wezipelerde abraý bilen zähmet çekmekleri üçin hem ýurdumyzda hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär. Bu babatda nusgalyk zähmet ýoluny geçen we baý durmuş tejribesini toplan milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna halypalyk sargytlary, şahsy göreldesi kämil ýol-ýörelgedir.

«Türkmen sporty» gazeti.